Iň täze habarlar

Ermenistan ŞHG-ä girmek üçin arzasyny berdi

19.07.2025 | 09:52 |
 Ermenistan ŞHG-ä girmek üçin arzasyny berdi

Ermenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) girmek üçin arzasyny tabşyrdy.

“Hawa, biz ŞHG-ä girmek üçin ýüz tutduk. Bu biziň deňagramlylygy hem-de sazlaşygy saklamak syýasatymyza laýyk gelýär” – diýip, ýurduň premýer-ministri Nikol Paşinýan 16-njy iýulda, çärşenbe güni Ýerewanda geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.

Ol Ermenistanyň ŞHG-niň synçy derejesiniň bardygyny ýatlatdy. “Başgaça aýdanymyzda, bu biziň ýöne ýerden peýda bolup, ses hukugymyz bolman birden hem Guramanyň agzasy bolmak isleýändigimizi aňlatmaýar” – diýip, Paşinýan belledi.

Ol Ermenistanyň häkimiýetiniň karary “Guramada bolup geçýän möhüm we gurluşlaýyn ügteşmeler” bilen baglanyşyklydygyny belledi. Sebäbi ŞHG-de “synçy we assosiirlenen agza derejeleriniň aýrylmagy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşylýar”.

Ozal Ermenistanyň DIM-de ýurduň ŞHG agzasy bolmak islegi beýan edendigi barada aýdyldy. “Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäk bitewüligi, güýjüň ulanylmazlygy we serhetleriň berkligi ýaly esas goýujy ýörelgelerine goşulmak bilen, Ermenistan Respublikasy ŞHG agzasy bolmak islegini beýan etdi” – diýlip, ministrligiň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: president.am

Şeýle hem okaň: