Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy

19.07.2025 | 22:43 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy

18-nji iýulda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, gurluşyk işinde nyrh emele getirmek, tokaý hojalygy hem-de tokaý senagaty we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

zasedaniye-ekonomicheskogo-soveta-sng (2).jpg

Şol bir wagtyň özünde mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025) amala aşyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Foto: eccis.org

Şeýle hem okaň: