Iň täze habarlar

NVIDIA AI üçin has kuwwatly we ygtybarly täze superçiplerini çykardy

21.07.2025 | 14:15 |
 NVIDIA AI üçin has kuwwatly we ygtybarly täze superçiplerini çykardy

NVIDIA kompaniýasy Grace Blackwell GB300 ýokary öndürijilikli täze nesil çiplerini çäkli möçberde öndürip başlady. Bu superçipler emeli aň ulgamyndaky iň köp serişdeli we çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. DigiTimes maglumatlaryna görä, ilkinji tapgyrynyň çykarylmagyna 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda garaşylýar, soň bolsa önümçilik möçberi artdyrylar.

GB300 çipi güýçli Grace prosessoryndan (Arm Neoverse V2 arhitekturasy esasynda) we iki sany Blackwell Ultra grafiki prosessoryndan ybarat toplumlaýyn çözgüt bolup durýar. Bu utgaşyk emeli aň wezipelerinde aýratyn ýokary öndürijiligi üpjün edýär. Öndürijiler tarapyndan berlen ilkinji maglumatlara görä, GB300 bilen baglanyşykly düýpli kynçylyklar ýüze çykarylmady, şonuň üçin onuň çykarylyşy uly päsgelçiliksiz geçer diýip çaklanylýar.

Şol bir wagtyň özünde, hatda sowadylmagy bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykan hem bolsa, öňki GB200 akseleratorlaryna ýokary isleg saklanyp galýar. GB200 örän ýokary hasaplaýyş kuwwatyna we serwerleriň gaty ýygjam ýerleşdirilişine eýe bolany sebäpli, olaryň işini üpjün etmek üçin çylşyrymly suwuklykly sowadyş ulgamlary gerekdi. Ulanyş wagtynda, esasan hem basyşa we turbanyň gurluşyna durnuksyz çalt birikdirilýän birleşdirijiler sebäpli, syzma ýagdaýlary ýüze çykdy. Bu bolsa hyzmat işleriniň wagtynyň we çykdajylarynyň artmagyna getirdi.

GB200-den tapawutlylykda, öňki Hopper arhitekturasyndan geçilende platformanyň düýpli üýtgedilmegini talap eden ýagdaýdan gaça durulyp, täze GB300 bar bolan infrastruktura esasynda taslanyldy. Munuň bolsa syzmalar bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almagyna we 2025-nji ýylyň III çärýeginde meýilleşdirilýän köpçülikleýin önümçiligiň has ýeňil başlamagyna mümkinçilik bermegine garaşylýar. IV çärýekde bolsa önümçilik möçberi giňeldiler.

NVIDIA eýýäm Blackwell Ultra-nyň ornuny tutjak indiki nesil akseleratorlaryny — Rubin maşgalasyny 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu täze çipler has ýokary öndürijilige eýe bolar we 600 kWt çenli kuwwatlylygy bolan Kyber atly düýbünden täze rack (direg) arhitekturasynyň girizilmegini talap eder. Şonuň bilen birlikde suwuklykly sowadyş ulgamlarynyň ulanylmagy hökmany bolar.

Mundan başga-da, ozal çäklendirilip, soňra ABŞ tarapyndan Hytaýa gaýtadan ibermäge rugsat berlen H20 akseleratorlarynyň önümçiliginiň dikeldilmegi kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Reuters agentliginiň The Information neşirine salgylanyp beren maglumatlaryna görä, bu çipleriň esasy öndürijileriniň biri bolan TSMC eýýäm H20 önümçilik ugurlaryny beýleki önümlere gönükdirdi. Şonuň üçin H20-iň doly önümçiligini dikeltmek 9 aýa çenli dowam edip biler.

Foto: NVIDIA

Şeýle hem okaň: