"Yandex" we "SolidSoft" kiberhowpsuzlyk üçin bilelikdäki kärhanany döredýär
21.07.2025 | 14:30 |"Ýandeks" kompaniýasynyň Yandex B2B Tech bölümi bilen "SolidSoft" rus kiberhowpsuzlyk kompaniýasy bilelikdäki kärhananyň (BK) döredilendigini yglan etdiler. Täze kärhananyň maksady – telekeçilige web-programmalary hüjümlerden we beýleki howplardan goramaga kömek edýän maglumat howpsuzlyk çözgütlerini işläp taýýarlamakdyr.
Yandex B2B Tech-iň beren maglumatlaryna görä, bu bilelikdäki kärhana Yandex Cloud ulgamyndaky kiberhowpsuzlyk ugruny güýçlendirer. Bu ýerde 2024-nji ýylda degişli hyzmatlara isleg 2,1 esse artdy. "SolidSoft" – web-programmalary goramak üçin ulanylýan SolidWall WAF diwarlygyň rus öndürijisi hökmünde tanalýar. Bu çözgüt ulag, telekommunikasiýa we maliýe ýaly dürli ugurlarda ulanylýar. Şeýle hem "SolidSoft"-da programma üpjünçiliginiň howpsuzlygyny awtomatiki seljermek üçin niýetlenen SolidPoint DAST skaneri bar. Yandex B2B Tech-iň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, 2024-nji ýylda Russiýanyň web-programma gorag bazarynyň möçberi 30 milliard rubldan geçdi.
Bilelikdäki kärhana iki kompaniýanyň tejribesini we tehnologiýalaryny birleşdirer. SolidWall WAF diwarlygy bilen Yandex Cloud-yň Smart Web Security hyzmatynyň integrasiýasy meýilleşdirilýär. Bu çözgüt web-hüjümlerden, DDoS we botlardan toplumlaýyn goragy üpjün eder. Şeýle-de, gorag gurallary emeli aň tehnologiýalary arkaly güýçlendiriljekdir. BK-nyň çözgütleri Yandex Cloud bulut ulgamy arkaly ýa-da müşderileriň öz infrastrukturalarynda (on-premises) ornaşdyrylyp elýeterli bolar.
Ylalaşygyň şertlerine görä, "Ýandeks" we "SolidSoft" BK-nyň paýlaryny deň derejede eýelär, bu maksat bilen "Ýandeks" "SolidSoft"-yň 50%-ini satyn aldy. Şeýle-de, "Ýandeks"-iň geljekde öz paýyny artdyrmaga hukugy bar. BK-nyň dolandyrylyşy "SolidSoft"-yň esaslandyryjylary tarapyndan amala aşyrylar. "SolidSoft" bolsa özüniň bar bolan önümlerini ösdürmegi dowam eder, şeýle hem ähli hereket edýän müşderiler we hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamalar öz güýjünde galar.