TDHÇMB hyzmatlarynyň aýdyňlygyny we elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin "Şahsy otag" täze ulgamyny işe goýberdi
19.07.2025 | 18:30 |Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) "Şahsy otag" täze müşderi ulgamynyň işe goýberilendigini habar berýär. Bu ädim häzirki zaman sanly çözgütlerini yzygiderli ornaşdyrmak bilen synag işiniň çäginde kabul edildi.
Täze ulgamyň işläp taýýarlanylmagy Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilen.
"Şahsy otag" ulgamy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hödürlenýän hyzmatlarynyň aýdyňlygyny, elýeterliligini we netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar.
ORIENT