Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň ýolbaşçysy Moskwadaky halkara okuw seminarına gatnaşdy
22.07.2025 | 09:45 |Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy Aman Arazow 2025-nji ýylyň 15–22-nji iýun aralygynda Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen halkara okuw seminarına gatnaşdy. Bu çäre BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan gurnaldy. Seminar “Tebigy sowadyjy serişdeleri bilen howpsuz işleşmek, öňdebaryjy tejribeler we howpsuzlyk kadalary” temasy bilen geçirildi.
Okuwa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Nebit we gaz pudagy boýunça halkara uniwersitetiniň wekilleri hem çärä gatnaşdy. Seminar nazary sapaklary hem-de önümçilik kärhanalaryna edilen saparlary öz içine aldy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar senagat sowadyjy enjamlaryny öndürýän we ammiak (R-717) sowadyjy serişdelerini ulanýan «Индустриальные решения» kärhanasynyň iş tejribesi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, «Globus» söwda merkezindäki sowadyş ulgamlarynyň infrastrukturasyna syn edildi.
Saparyň dowamynda Wladimir oblastyndaky «TehnoFrost» zawodyna baryldy. Bu kärhana ýokary tehnologiýaly sowadyjy ulgamlary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän enjamlar bilen tanalýar.
18-nji iýunda gatnaşyjylar «Gidroftoruglerodlardan ýüz öwürmegiň çäklerinde sowadyjy ulgamlarda energiýa netijeliligi» atly ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat «KrioFrost» akademiýasy tarapyndan UNIDO we «Rossýuzholodprom» bilen bilelikde geçirildi.
Maslahatda halkara bilermenler — Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler çykyş etdiler. Olar Monreal protokolyny, Kigali düzedişini durmuşa geçirmek boýunça tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem energiýa tygşytlaýjy standartlar we tebigy sowadyjylara geçmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maksatnamasy üstünlikli tamamlanyp, 19-njy iýunda türkmen wekiliýeti Aşgabada dolandy.
ORIENT