Beýik Britaniýa AI-barlaglary üçin Isambard-AI iň kuwwatly superkompýuteri işe girizdi
20.07.2025 | 14:55 |Beýik Britaniýada emeli aň boýunça iň kuwwatly superkompýuter hasaplanýan Isambard-AI resmi taýdan işe girizildi. Bristol uniwersitetinde ýerleşýän bu toplum, adaty hasaplaýyş enjamlaryna elýeterli bolmadyk ägirt uly maglumat toplumlaryny işläp taýýarlamak üçin döredildi. Ol saglygy goraýyş, oba hojalygy, ekologiýa hem-de şäher monitoringi ýaly möhüm ugurlarda ulanylar.
$292 million dollarlyk bu taslama ýörite emeli aň üçin uýgunlaşdyrylan 5448 sany Nvidia GH200 Grace Hopper Superchip çiplerinden ybarat. Isambard-AI-nyň umumy öndürijiligi 21 eksaflops derejesine ýetýär. Ulgam goralan maglumat merkezinde ýerleşýär we esasan atom elektrik stansiýasynyň energiýasy bilen işleýär, bu bolsa onuň energiýa netijeliligini üpjün edýär. Aýlyk çykdajylary bir million funt sterlinge golaý bolsa-da, maýa goýumlaryň birnäçe esse gaýtmagyna garaşylýar.
Häzirki alnyp barylýan taslamalaryň arasynda – adam hereketleriniň hakyky wagt tertibinde öňünden aýdylmagy, mallarda (mysal üçin, sygyr mastiti) irki keselleriň emeli aň arkaly anyklanylmagy hem-de dürli deri görnüşlerinde meň kesgitleýji programmalaryň takyklygynyň seljerilmegi ýaly işler bar. Bu taslamalar maglumatlaryň nätakyklylygyny ýok etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Isambard-AI dünýä derejesinde 11-nji orunda ýerleşse-de, Beýik Britaniýada şeýle derejesi bilen açyk ulanylyp bilinýän ilkinji çözgüt bolup durýar. Bu bolsa ýokary öndürijilikli hasaplamalary uniwersitetlere we ylmy-barlag guramalaryna elýeterli edýär. Täze infrastrukturantyň derman öndürmek, çaklama seljermesi hem-de howpsuz geljegi üpjün etmek ýaly ugurlarda ösüşe uly goşant goşmagyna garaşylýar.
ORIENT