Iň täze habarlar

Rus öýünde Halkara küşt güni: ussatlyk sapaklary we şol bir wagtyň özünde oýun seanslary

19.07.2025 | 20:25 |
 Rus öýünde Halkara küşt güni: ussatlyk sapaklary we şol bir wagtyň özünde oýun seanslary

17-nji iýulda Aşgabatdaky Rus öýünde Halkara küşt gününe bagyşlanan ajaýyp çäre geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guralan intellektual oýun baýramçylygy 7 we ondan uly ýaş küşt höwesjeňlerini bir ýere jemledi.

mezhdunarodnyj-den-shahmat-russkiy-dom-ashgabat (5).jpg

Myhmanlary Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Mälikgulyýew garşy aldy. Ol öz çykyşynda ýaşlaryň arasynda küşt oýnuny ýaýratmagyň we ýaş zehinleri goldamagyň möhümdigini aýtdy.

mezhdunarodnyj-den-shahmat-russkiy-dom-ashgabat (1).jpg

Maksatnamanyň esasy wakalaryndan biri, Türkmenistan Küşt federasiýasynyň Baş sekretary, erkekler milli toparynyň baş tälimçisi we FIDE ussady Mergen Kakabaýew tarapyndan bir wagtyň özünde geçirilen oýun seansy boldy. Ýetgitjek ýaşdaky gatnaşyjylar ökde hünärmen bilen bäsleşip, tejribeli oýunçy bilen güýçlerini synap görmäge mümkinçilik aldylar.

mezhdunarodnyj-den-shahmat-russkiy-dom-ashgabat (2).jpg

Çäräniň maksatnamasy şeýle hem öwrediji we kämilleşdiriş sapaklaryny öz içine aldy:

“30 minutda küşt oýnamagy öwreniň” – küşt bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin ajaýyp başlangyç.

“Küştiň syrlary” ussatlyk sapaklary” – bu ýerde tejribeli tälimçi oýny kämilleşdirmäge kömek etjek peýdaly usullary we strategiýalary paýlaşdy.

mezhdunarodnyj-den-shahmat-russkiy-dom-ashgabat (9).jpg

Şeýle hem, gatnaşyjylar tagtada küşt pikirlenmesini, tilsimleri we ynamy ösdürmek boýunça maslahat aldylar.

Bu çäre mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirildi, gatnaşyjylaryň hemmesinde ýakymly täsirler bilen birlikde, küşt dünýäsinde mundan beýläk-de ösüş üçin täze bilimi, ylhamy we islegi döretdi.

mezhdunarodnyj-den-shahmat-russkiy-dom-ashgabat (8).jpg

ORIENT

Foto: TKF

Şeýle hem okaň: