Türkiýäniň ilkinji astronawty kosmos syýahatyna ugraýar
18.01.2024 | 20:00 |Özüniň içerki we milli ösüş strategiýasynyň çäklerinde, ençeme taslamalary üstünlikli amala aşyrýan Türkiýäniň taryhyndaky ilkinji kosmos uçuşyna birnäçe sagat galdy. 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda sagat 00.49-da (02.49 Türkmenistan wagty bilen) Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Milli kosmos maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýe özüniň ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrar.
18-nji ýanwardan 19-njy ýanwara geçilýän gije türk astronawty Alper Gezerawjy Dragon kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna tarap ugrar.
2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkiýe kosmos agentliginiň (TUA) döredilmegi bilen Türkiýe kosmos syýahatçylygy ulgamynda möhüm öňe gidişlik gazanyldy.
2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan “Aýy görmek isleseň, asmana seret” şygary astyndaky Milli kosmos maksatnamasyny yglan etdi.
Türkiýäniň kosmos syýasaty ulgamyndaky strategiýasy üçin taýýarlanylan maksatnamasynyň çäklerinde, türk astronawtyny kosmosa uçurmak hem-de ylmy işleri geçirmekden başga-da, Aýa milli tehnologiýalar boýunça döredilen roweri ibermek, milli emeli hemralary işläp taýýarlamak, sebitde bu ulgamda utgaşykly iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini ösdürmek, kosmosa we kosmodroma elýeterliligi üpjün etmek taslamasy ýaly esasy maksatlar hem-de wezipeler göz öňünde tutuldy.
Milli kosmos maksatnamasynyň 10 maksadynyň hatarynda durýan türk raýatyny kosmosa uçurmak boýunça taslama tamamlandy.
2023-nji ýylyň 29-njy aprelinde TEKNOFEST festiwalynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ilkinji türk astronawtlary hökmünde Alper Gezerawjynyň we Tuwa Jihangiriň atlaryny yglan etdi.
Gezerawjy hem-de Türk kosmos agentligi we Axiom Space bilen hyzmatdaşlykda Ax-3 missiýasyna gatnaşan kärdeşleri Halkara kosmos stansiýasynda TÜBİTAK Space, Axiom Space we NASA-nyň utgaşdyrmagynda 13 sany ylmy synaglary geçirerler.
Ilkinji türk astronawty Alper Gezerawjy sosial ulgamlarda şeýle ýazýar: “Bu ýerde meniň adymy agzamagyň ähmiýeti ýok. Esasy zat adamlar ýurdumyzyň geljege gadam urmaga we asmanyň çäkleri barada däl-de kosmosyň jümmüşi barada arzuw etmäge ýeterlik derejede aýgytlydygyny ýatdan çykarmlay däldirler”.
Türkiýe Milli kosmos maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegi dowam eder.
ORIENT news