Iň täze habarlar

Şu ýyl smartfonlaryň ýerlenilýän möçberi 3% artar

29.03.2024 | 14:48 |
 Şu ýyl smartfonlaryň ýerlenilýän möçberi 3% artar

Şu ýylyň ahyryna çenli smartfonlaryň ýerlenilýän möçberi 3% artyp, olaryň sany 1,2 milliarda ýeter. «Counterpoint Research» halkara seljeriş kompaniýasynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler.

«Counterpoint Research» kompaniýasynyň wekilleri şu ýyl bahasy 150 dollardan arzan bolan smartfonlaryň ýerlenilýän möçberi 4 göterim azalar, şol bir wagtyň özünde, bahasy 150 dollar bilen 249 dollar aralygyndaky nusgalaryňky bolsa birbada 11 göterim ýokarlanar diýip hasaplaýarlar.

Tutuş ýylyň dowamynda Hindistan, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary smartfon bazaryndaky iň uly satyn alyş işjeňligini görkezerler.

«OPPO», «vivo», «Xiaomi» we «Transsion Group» kompaniýalarynyň smartfonlary Afrika, Ýakyn Gündogar hem-de Latyn Amerikasy ýurtlarynda meşhur bolar. «Apple» kompaniýasynyň önümlerine isleg hem ýokary bolmagynda galar. «Huawei» Hytaýyň içerki bazaryndaky ornuny berkider.

Dünýä derejesinde premium hilli önümleriň pudagynda (600 dollardan 799 dollara çenli) täze smartfonlaryň satuwy çeýe displeýli nusgalaryň we emeli aň aýratynlyklaryny goldaýan enjamlaryň köpelmegi bilen höweslendiriler.

«Counterpoint Research» kompaniýasynyň hünärmenleri belleýşi ýaly, uzakmöhletleýin geljekde smartfon bazary her ýyl birnäçe göterim öser we üpjünçiligiň mukdary boýunça iň pes görkezijiler geçen ýyl hasaba alyndy.

ORIENT news

Foto: mobile-review.com

Şeýle hem okaň: