Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy

29.03.2024 | 14:48 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy

Penşenbe güni, 28-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda nebithimiýa önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň we Türkiýäniň telekeçileri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny hem-de tehniki kükürt kislotasyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 679 500 dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: