Samsung

Ykdysadyýet

03.12.2024 23:25
997
Owganystanyň çäginde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH/TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça işler işjeň alnyp barylýar. Owgan häkimiýetleriniň resmi wekili Zabihulla Mujahid özüniň “X” sosial ulgamynda taslamanyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilişini mälim etdi we turbageçirijiler boýunça alnyp barylýan gurluşyk işlerini görkezýän wideo şekilleri ýerleşdirdi
03.12.2024 19:35
591
3-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
03.12.2024 13:20
835
4-6-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň 11-nji sergisi geçiriler. Bu çärä Türkiýe Respublikasyndan 70-den gowrak kompaniýalary we assosiasiýalary gatnaşar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gurnalar.
01.12.2024 23:55
659
29-njy noýabrda, Moskwada GDA-yň Ykdysady geňeşiniň 104-nji mejlisi geçirildi, onuň dowamynda GDA agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
30.11.2024 07:15
642
Türkmenistanda bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow banklaryň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça teklibini goldady
29.11.2024 09:55
708
Hytaý Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyñ Assosiasiýasy (ASEAN), Merkezi Aziýa, BRICS (dokuz döwletiñ bileleşigi: Braziliýa, Russiýa, Hindistan, HHR, GAR, BAE, Eýran, Müsür we Efiopiýa) ýurtlary we Şanhay Hyzmatdaşlyk Guramasynyñ agza-ýurtlary bilen sanly söwda ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýär.
28.11.2024 16:05
512
25-nji noýabrda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparynyň (EAG) 41-nji plenar hepdesi Indore (Hindistan) başlandy
27.11.2024 22:15
483
Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmegi, Türkmenistan bilen Iordaniýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda işewürlik işjeňligini höweslendirmek üçin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy 27-nji noýabrda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen türkmen-iordan geňeşleriniň esasy mowzuklarynyň biri boldy
27.11.2024 20:40
746
Çäre türkmen hökümetiniň, Visa kompaniýasynyň wekilleriniň, şeýle-de maliýe tehnologiýalary ulgamynyň bilermenleriniň, işewürleriň we alym-ykdysatçylaryň gatnaşmagynda geçirildi.
27.11.2024 20:29
662
Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly halkara maslahaty we sergisi tamamlandy. Bu giň gerimli çäre, dünýäniň iň uly ulag kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri şol sanda 40-dan gowrak ýurtdan 600 töweregi gatnaşyjyny bir ýere ýygnady.