Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig-Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory bilen duşuşdy
14-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig-Türkmen” fransuz kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarlar gepleşiginde habar berildi