9-njy noýabrda, Astanada geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekili Muminjan Arzikulow altyn medaly eýeledi. Türkmen türgeni bu üstünligini göreş sambo görnüşi boýunça 71 kg çenli agramlykda gazanmagy başardy.
8-10-njy noýabr aralygynda Astanada (Gazagystan) geçirilỳän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanly türgenler üstünlik gazanyp, iki bürünç medala mynasyp boldylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adam paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy
1-nji noýabrda tamamlanan 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 1-nji ligasynyň Aşgabat şäheri boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň netijelerinden soň ýurduň küşt durmuşynda gyzykly wakalary görkmek bolýar
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy türkmenistanly halkara derejeli emin Resul Mämmedowa we onuň kömekçileri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanowa jogapkärçilikli duşuşyklaryň ýene-de birini ynandy.