Biznes habarlary

Eýran bezeg güllerini Türkmenistana eksport etmegi meýilleşdirýär
20.05.2023
|10:56
|1477
260 ga-dan gowrak ýer demirgazyk eýran welaýaty Mazenderanda bezeg güllerini kesip almak üçin eýelenendir. Oba hojalyk ministrliginiň ýerli bölümi bu önümi Türkmenistana, şeýle hem Gazagystana we Russiýa eksport etmegi meýilleşdirýär – diýip, Tehran Times habar berýär.

Tatarystanyň baştutanyna we RF-nyň wise-premýerine türkmen haly önümlerinden sowgatlary berdiler
19.05.2023
|16:23
|2036
Türkmen telekeçisi Orazgül Eýeberdiýewa «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçýän sergide Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanowa we RF-nyň wise-premýeri Marat Husnulline öz öndüren haly önümlerinden sowgatlary berdi.

Türkmen kompaniýalary Russia Halal Expo-nyň meýdançasynda önümleri eksport etmek barada ylalaşdylar
19.05.2023
|10:55
|1357
Birnäçe türkmen kompaniýalarynyň wekilleri Russiýanyň Kazan şäherinde açylan Russia Halal Expo halkara sergisiniň barşynda özleri tarapyndan öndürilýän halal önümleriň daşary ýurda iberilmegini ýola goýmak barada ylalaşdylar.

AŞTU işewürlere Ethernet hususy lokal torlary döretmegi teklip edýär
17.05.2023
|16:13
|3048
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ (AŞTU) telekeçilere Aşgabatdaky öz ofisleriniň we bölümçeleriniň arasynda maglumatlary alyşmak üçin ýerli torlary döretmek hyzmaty bolan Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär.

Aşgabadyň gazna biržasy «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça okuwa çagyrýar
17.05.2023
|12:11
|1238
19-njy maýda Aşgabadyň gazna biržasynyň (AGB) hünärmenlerinden «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça täze okuw kursy başlanýar.

Jemgyýetçiligi Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek portaly bilen tanyşdyrdylar
17.05.2023
|11:52
|1131
Almatyda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portalyna hem-de eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň iri lukmançylyk edaralary sarp ediş serişdelerini we enjamlary satyn alarlar
16.05.2023
|15:25
|1624
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi paýtagtdaky iri lukmançylyk edaralary üçin täze lukmançylyk serişdelerini, reaktiwleri we enjamlary satyn almak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmen hünärmenlerini logistikada ätiýaçlandyryş boýunça tölegsiz seminarlara çagyrýarlar
16.05.2023
|10:33
|1983
USAID-iň Merkezi Aziýada söwda (TCA) maksatnamasynyň ýardam etmeginde «Türkmen Logistika» birleşmesi CILT Central Asia bilen bilelikde türkmen hünärmenleri üçin logistikada ätiýaçlandyryş boýunça seminarlary guraýar.

Merkezi Aziýada söwda goldaw beriji sebitleýin portala badalga berler
15.05.2023
|17:12
|1538
17-nji maýda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portala we Ready4Trade Merkezi Aziýa Taslamasynyň eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegi mynasybetli metbugat-maslahaty geçiriler. Taslama Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan ýerine ýetirilýär.

ÝTÖB türkmen telekeçilerini Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar
15.05.2023
|14:28
|1797
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we eksport üçin jogapkär işgärleri Aşgabatda 8-nji iýundan 20-nji iýula çenli geçiriljek Eksportyň mekdebine çagyrýar.