Iň täze habarlar

AŞTU işewürlere Ethernet hususy lokal torlary döretmegi teklip edýär

17.05.2023 | 16:13 |
 AŞTU işewürlere Ethernet hususy lokal torlary döretmegi teklip edýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ (AŞTU) telekeçilere Aşgabatdaky öz ofisleriniň we bölümçeleriniň arasynda maglumatlary alyşmak üçin ýerli torlary döretmek hyzmaty bolan Ethernetden peýdalanmagy teklip edýär.

Ýerli tor Ethernetde kärhananyň ähli işçi beketleri (kompýuterler, kassa enjamlary we ş.m.) bir sany bilelikde ulanylýan aragatnaşyk kanalyna birikdirilýär. Şeýlelik bilen, internete birikmezden uzakdan elýeterliligi bolan hususy ýokary tizlikli maglumatlar tory döredilýär.

Ethernet tory hakyky wagtda satuwlara gözegçilik etmäge, dogry dolandyryş kararlaryny almak üçin müşderileriň ileri tutmalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Çylşyrymly senagat torlaryndan tapawutlykda Ethernetiň enjamy gymmat däl we elýeterlidir, şol sebäpli diňe bir iri däl, eýsem kiçi we orta telekeçilik üçin hem bu özüne çekiji çözgütdir.

ORIENT habarlar

Foto: ekpower.se

Şeýle hem okaň: