Iň täze habarlar

Tatarystanyň baştutanyna we RF-nyň wise-premýerine türkmen haly önümlerinden sowgatlary berdiler

19.05.2023 | 16:23 |
 Tatarystanyň baştutanyna we RF-nyň wise-premýerine türkmen haly önümlerinden sowgatlary berdiler
 Tatarystanyň baştutanyna we RF-nyň wise-premýerine türkmen haly önümlerinden sowgatlary berdiler

Türkmen telekeçisi Orazgül Eýeberdiýewa «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçýän sergide Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanowa we RF-nyň wise-premýeri Marat Husnulline öz öndüren haly önümlerinden sowgatlary berdi.

Ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanyň diwarlygyna gelip görenlerinde, Eýeberdiýewa Tatarystanyň raisine öz elleri bilen türkmen halysyndan dokalan dutar üçin daşlygy sowgat berdi. Myhmanlaryň ikisine-de milli türkmen baş gaby bolan – tahýa sowgat berildi.

Главе Татарстана и вице-премьеру РФ подарили сувениры из туркменской ковровой продукции

Telekeçi zenan Türkmenistandan Kazandaky foruma dürli materiallardan, şol sanda ýüpekden dokalan halylary we haly önümlerini getirendigini telekeçi zenan ORIENT-e beren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.

Eýeberdiýewa görkezilen eksponatlara – bütin dünýä meşhur bolan türkmen el halylaryna forumyň myhmanlarynyň uly gyzyklanma bildirinediklerini belledi.

«Hatda ýerli telewidenýäniň žurnalistleri biziň diwarlygymyzyň beýleki kärhanalar bilen deňeşdireniňde näme üçin myhmanlaryň ýokary ünsüni çekendigini soradylar» - diýip, telekeçi zenan belläp geçdi.

KazanForuma gatnaşmaklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Orazgül Eýeberdiýewa türkmen haly önümleriniň iberilmegini ýola goýmaga gyzyklanýan geljekdäki import edijileriň onlarçasy bilen işewür gatnaşyklary ýola goýdy.

ORIENT habarlar

Foto: KazanForum-y gurnaýjylar tarapyndan

Şeýle hem okaň: