Iň täze habarlar

Aşgabatda Kataryň we Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň täze ädimleri maslahatlaşyldy

24.07.2025 | 12:10 |
 Aşgabatda Kataryň we Türkmenistanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň täze ädimleri maslahatlaşyldy

23-nji iýulda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Kataryň ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Witaliý Zasepin we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Türkmenistandaky wekili Aman Gapbarow gatnaşdylar.

Taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň meselelerini we ony geljekde giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga Katar ilçihanasynyň ikinji sekretary Nasser Aly Al-Kaabi hem gatnaşdy.

ORIENT

Foto: Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Şeýle hem okaň: