Iň täze habarlar

Eýran bezeg güllerini Türkmenistana eksport etmegi meýilleşdirýär

20.05.2023 | 10:56 |
 Eýran bezeg güllerini Türkmenistana eksport etmegi meýilleşdirýär

260 ga-dan gowrak ýer demirgazyk eýran welaýaty Mazenderanda bezeg güllerini kesip almak üçin eýelenendir. Oba hojalyk ministrliginiň ýerli bölümi bu önümi Türkmenistana, şeýle hem Gazagystana we Russiýa eksport etmegi meýilleşdirýär – diýip, Tehran Times habar berýär.

Oba hojalyk toplumynyň welaýat bölüminiň baştutanynyň orunbasary Ehsan Abbaspuryň habar bermegine görä, bezeg güllerini dünýä bazaryna eksport etmekde Eýran uly mümkinçilige eýedir.

Onuň sözlerine görä, Eýran gülleri ösdürip ýetişdirmek boýunça dünýäde 17-nji orunda durýar, ýöne olary eksport etmek boýunça — 107-nji ýerdedir. Entek özleşdirlmedik girdejiler ABŞ-nyň $1 mlrd dollaryna golaýdyr.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: