ÝTÖB türkmen telekeçilerini Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar
15.05.2023 | 14:28 |Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we eksport üçin jogapkär işgärleri Aşgabatda 8-nji iýundan 20-nji iýula çenli geçiriljek Eksportyň mekdebine çagyrýar.
Eksportyň mekdebi — bu Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde geçirilýän eksport işi babatynda bilimleri we başarnyklary ele almak üçin 7 seminardan ybarat okuwdyr. Intensiw maksatnama eksport babatynda tejribesi bolmadyk işe täze başlaýan eksport edijileri onuň esaslary bilen tanyşdyrar, daşary söwdada ilkinji ädimleri ätmäge kömek eder we täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga taýýarlanmaga kömek eder.
Gatnaşyjylar şeýle hem eksport bazarlaryny barlamagy öwrenerler, mümkin bolan import edijileriň ünsüni çekmek üçin saýtlaryň döredilişi barada bilerler. Sapaklar hepdede bir gezek geçiriler.
Geçen ýyl 17 türkmen kompaniýasynyň Eksportyň mekdebi maksatnamasy boýunça okuw geçendiklerini belläp geçmelidiris, bu bolsa olara eksport işjeňliginiň täze derejesine geçmäge mümkinçilik berdi.
Eksport mekdebi — Ýewropa Birleşiginiň goldaw bermeginde Türkmenistandaky Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar» Maksatnamasy tarapyndan gurnalýan taslamadyr. Seminarlary we maslahatlary işewürligiň dürli ugurlaryndaky öňdebaryjy bilermenler geçirýärler.
Eksportyň mekdebine gatnaşmak üçin 31-nji maýa çenli ýüz tutmany doldurmaly.
Jikme-jik maglumaty almak üçin telefon belgiler: (+993 12) 46-88-20; (+993 65) 72-46-53.
ORIENT habarlar