Biznes habarlary

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni öz zawodlary üçin wagonlary we sisternalary satyn alar
12.05.2023
|14:38
|2132
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ammiak wagon-sisternalaryny, demir ýol ýarym-wagonlary, şeýle hme mineral dökünler üçin wagonlary satyn almak üçin halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu baradaky maglumaty resmi türkmen metbugaty ýaýratdy.

Türkmenistanyň hususy pudagynyň dolandyryjylary Germaniýada tejribelik geçmäge çagyrylýarlar
12.05.2023
|11:49
|1563
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde hususy pudagyň dolandyryjylaryny dolandyryjy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak Maksatnamasynyň çäklerindäki okuwa 2023-nji ýyl üçin dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik geçmäge çagyrýar.

«Demirýollary» AGPJ we IBA Group demir ýol pudagyndaky taslamalaryň üstünde işlemegi ylalaşdylar
11.05.2023
|16:14
|2778
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri we IBA Group Halkara holdingi IT-tehnologiýalar we hünärmenleri okatmak babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar. Aşgabatda geçen ITTC-2023 ulag maslahatynyň meýdançasynda taraplar hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli ähtnama gol çekdiler.

Arkadag şäheriniň häkimligi jemagat tehnikasyny we awtoulaglaryny satyn alar
11.05.2023
|14:39
|2123
Arkadag şäheriniň häkimligi jemagat awtoulaglaryny we tehnikasyny satyn almak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Bildiriş resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Rockwell Automation önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin Türkmenistanyň bazaryna çykýar
09.05.2023
|15:41
|1947
Senagaty awtomatlaşdyrmak üçin maglumatlar önümini amerikan üpjün edijisi Rockwell Automation we onuň paýlaýjysy AB Market Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bazarlaryna çykýarlar.

Hytaý kompaniýasy Türkmenistana Hazaryň düýbüni çuňlaşdyrmak işleri üçin läbik sorujy snarýady iberdi
09.05.2023
|15:26
|1717
Qingdao Relong Technology Co., Ltd. hytaý kompaniýasy Hazar şäheriniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda düýbi çuňlaşdyrmak işleriniň geçirilmegi üçin läbik sorujy dredgingi Türkmenistana iberdi – diýip, Dredging Today habar berýär.

“Komatsu” kompaniýasy Merkezi Aziýa bazary üçin öz şahamçasyny döredýär
07.05.2023
|04:45
|1413
Ýaponiýanyň “Komatsu” maşyngurluşyk korporasiýasy Merkezi Aziýa sebitinde gurluşyk we magdan enjamlary üçin satuw we hyzmat işlerini güýçlendirmek üçin Gazagystanda öz şahamçasyny döreder. Täze kompaniýa 2023-nji ýylyň awgust aýynda işe başlamaly - diýip, agyr tehnika öndürijisiniň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Türkmen işewürler wekiliýeti hyzmatdaş gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen Rumyniýa sapar bilen bardy
05.05.2023
|13:39
|1290
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň düzümdäki işewürler wekiliýeti Rumyniýanyň hususy toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň esasy maksady – türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.

Germaniýanyň Kras Logistics ýük daşaýjy agenti Aşgabatda öz şahamçasyny açar
04.05.2023
|13:17
|1229
Germaniýanyň Kras Logistics kompaniýasynyň baş direktory Genrih Waal Aşgabatda logistiki kompaniýanyň şahamçasynyň açylýandygyny mälim etdi. Wekilhana yklymlaýyn ýük daşamalarynyň mümkinçiligini açyp biler – diýip, Waal Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçýän ITTC — 2023 maslahatynda beýan etdi.

Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki geçiş nokadyndan geçirijilik ukybyny 12 esse artdyrar
04.05.2023
|10:51
|1404
Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki «Temir-baba» geçiş nokadynda serhet geçelgelerini döwrebap;aşdyrmak boýunça işleriň başlanmagy sebäpli ulag serişdeleriniň geçirilişini çäklendirdi, ol 2024-nji ýylyň aýagyna çenli geçirijilik ukybynyň 8-12 esse artdyrylmagyny üpjün eder.