Iň täze habarlar

Aşgabadyň gazna biržasy «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça okuwa çagyrýar

17.05.2023 | 12:11 |
 Aşgabadyň gazna biržasy «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça okuwa çagyrýar

19-njy maýda Aşgabadyň gazna biržasynyň (AGB) hünärmenlerinden «Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy» temasy boýunça täze okuw kursy başlanýar.

Sapaklar oňa gatnaşyjylara gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň nähili işleýändigine, onuň maýa goýumçylara we emitentlere maýany köpeltmek we telekeçiligi ösdürmek üçin nähili mümkinçilikleri berýändigine düşünmäge kömek eder.

Sapaklar hepdede iki gezek sagat 18:15 şu salgyda geçiriler: S. Türkmenbaşy şaýoly, jaý 126 («Senagat» bank).

Okatmak üçin 15 adamdan ybarat toparlar dörediler, bu bolsa her bir gatnaşyja gyzyklandyrýan soraglaryny bermäge we tema doly düşünmäge mümkinçilik berer. Diňlejileriň islegleri boýunça sapaklar türkmen we rus dillerinde geçiriler.

Kurslara şu telefonlar arkaly ýazylyp bolýar: 46-86-05; 46-86-27.

Gymmatbahaly kagyzlaryň bazarynyň infrastrukturasy – oňa gatnaşyjylaryň işjeňligi üçin gerekli şertleri döretmek arkaly gazna bazarynyň üznüksiz işlemegini üpjün edýän institutlaryň ulgamydyr.

Aşgabadyň gazna biržasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gymmatbahaly kagyzlaryň milli bazarynyň emele gelmeginiň üstünde işjeň işleýärler. AGB bazaryň gatnaşyjylaryny taýýarlamak we hünärini artdyrmak üçin okuwlary kadaly geçirýär, paýnamalar we korporatiw obligasiýalar ýaly täze maliýe gurallarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: