ABŞ wizasynyň bahasy 2026-njy ýyldan başlap $435 çenli gymmatlar
24.07.2025 | 15:12 |2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ-a immigrasiýa däl wiza (syýahatçylyk, okuw, iş we beýlekiler) üçin ýüz tutýanlaryň ählisi has köp töleg tölärler. $185 adaty konsullyk tölegine goşmaça $250 möçberinde (wiza düzgünlerini berjaý etmek ücin töleg) täze Visa Integrity Fee tölegi goşular. Şeýlelikde, ABŞ wizasynyň umumy bahasy $435 ýetýär.
Täze wiza tölegi 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan gol çekilen One Big Beautiful Bill (H.R. 1) atly kanunda göz öňünde tutulýar. Kanunyň doly teksti eýýäm congress.gov sahypasynda elýeterlidir.
Täze töleg B1/B2 (syýahat we iş sapary), F-1 (okuw), J-1 (alyş-çalyş maksatnamalary), H-1B (iş) we beýleki meşhur wizalary öz içine alýar. Visa Integrity Fee her ýyl inflýasiýa derejesine görä üýtgedilip durular we sarp ediş baha görkezijisine (CPI) esaslanyp hasaplanar. Bu tölegi ýatyrmak ýa-da azaldyp bolmaz, ol beýleki wiza tölegleriniň üstüne goşular.
Şol bir wagtda, bu töleg dolulygyna wiza düzgünleriniň berjaý edilen ýagdaýynda yzyna gaýtarylyp bilner. Mysal üçin, eger adam ABŞ-da galma möhletini bozman wagtynda ýurdy terk eden bolsa. Yzyna gaýtarylmaýan tölegleriň ählisi ABŞ-nyň döwlet býujetine geçiriler.
Täze düzgüniň 2026-njy ýylyň ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň ilçihanalarynda güýje girmegine garaşylýar. Häzirlikçe bolsa köne düzgünler hereket edýär we wiza tölegi öňküsi ýaly $185 bolmagynda galýar.
ORIENT