Sahypalaryň arasyna syýahat: kitap okamak söýgüsi Aşgabadyň kitap sergisinde adamlary birleşdirýär
24.07.2025 | 18:00 |Aşgabat, 24-nji iýul | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy nusgawy iňlis edebiýaty sergisine we ýarmarkasyna gatnaşýan köp sanly myhmanlar üçin öz gapysyny giňden açdy. Guramaçylar tarapyndan "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna" hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan bu çäre, kitap okamagyň hakyky baýramçylygyna öwrülip, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky medeni dialogy hem-de işjeň ynsanperwer gatnaşyklary açyp görkezdi.
Bilimiň perde arkasynda: ajaýyp gaznalar we tehnologiýalar
Resmi açylyşdan öň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud kitaphananyň baý hazynalary bilen tanyşdy. Ol Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümini synlady – bu ýerde dünýäniň 50 töweregi dilindäki kitaplar toplanypdyr. Olaryň 30 müňden gowragy iňlis dilinde bolup, bölümiň jemi gaznasy 60 müň kitaba golaý. Şeýle hem 80 müňden gowrak döwürleýin neşirleri bar. Bu hazyna ABŞ-nyň ilçihanasynyň uzak ýyllaryň dowamynda sowgat hökmünde beren kitaplary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.
Ilçi, aýratynlykda, tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesi bilen hem tanyşdy. Ol ýerde hanym Ilçä ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan 2009-njy ýylda sowgat berlen kitaplary zyýansyzlandyrýan enjam görkezildi. Bu diňe bir tehnika däl – eýsem miras baradaky aladadyr: enjam gadymy el ýazgylaryny we kitaplary inçe usul bilen zyýansyzlandyryp, olary geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga mümkinçilik berýär.
Ýeri gelende aýtsak, orta asyrlarda kitaplar gaty gymmat bolanlygy sebäpli, olary ogurlykdan goramak maksady bilen kitaphanalarda tekçelere zynjyr bilen berkidýändiklerini bilýädiňizmi? Häzirki zaman tehnologiýalary bolsa bilim mirasyny has ynsanperwer ýollar bilen goramaga mümkinçilik berýär!
Sözüň dabaralanmagy: Aşgabatdan Oksforda çenli
Tanyşdyrylyş ekskursiýasyndan soň serginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Laçyn Nurmuhammedowa çykyş edip, bu çäräniň çuň manyly ähmiýeti, ýaşlary terbiýelemekde kitaphananyň wezipesi hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ylym, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň giň gerimi barada nygtady. Şeýle hem Ilçi Elizabet Rudyň adyna onuň Türkmenistandaky diplomatik missiýasynyň 1 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi.
ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud çäräniň guramaçylaryma minnetdarlygyny bildirip, myhmanlara sowatlylygyň deňi-taýy bolmadyk güýji we okamagyň ähmiýeti baradaky ruhlandyryjy sözler bilen ýüzlenip, şeýle diýdi:
"Täze kitaby okamak üçin açmak ýaly ýönekeý bir hereket biziň bilimimizi artdyrýar, pikirlenişimizi kämilleşdirýär we kuwwatly ýolbaşçylary hem-de oýlanyşykly raýatlary galkyndyrýar. Türkmenistanyň baý we gadymy taryhy baradaky kitabyň sahypalaryny, ýa-da başdan geçirme barada bolan romanyny ýa-da dünýä belli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň nusgawy eserini okap oturanymyzda, kitaplar biziň hyýalymyzy oýarýar we arzuwlarymyza ýol açýar”.
Okamak dünýäsi bilen tanyşlyk: bäsleşikler we medeni dialog
Dabaradan soňra çäre interaktiw meýdança öwrüldi. Ilçi Elizabet Rud ýaş okyjylaryň arasynda bolup, olar bilen bilelikde şatlykly pursatlary paýlaşdy. Çagalar hem-de ulular çeper okaýyş bäsleşiklerinde, wiktorinalarda we iňlis sözleriniň dogry ýazuw ukyplaryny açyp görkezýän «Spelling Bee» atly meşhur bäsleşigine gatnaşdylar.
Ýeri gelende bellesek, ilkinji resmi "Spelling Bee" bäsleşigi ABŞ-da 1925-nji ýylda geçirildi. Bu ýerdäki “bee” sözi bilelikdäki iş üçin ýygnanmagy aňladýar. Bu ýerde bäsleşigiň wizual dizaýnyndaky peýda bolan “ary” şekili bolsa (işjeň ary) zähmetsöýerligiň nyşany bolup, bu bäsleşige taýýarlanmak üçin çynlakaý zähmet gerekdigini aňladýar.
Çagalar üçin surat bäsleşigi bolsa aň-bilim msksatnamasynyň üstüni doldy. Şeýlelikde, çäre ýaş kitapsöýüjileriň diňe aňyny däl, eýsem sungata bolan ukybyny hem ösdürdi.
Hakykatdan hem, kitap okamak — bu ýönekeý höwes bolman, onuň bilen dünýäniň dürli medeniýetleri bilen ýakyndan tanyşmak, akyl, paýhas ummanyna aralaşmak we köp zada göz ýetirmek dürli ýaşdaky adamlar üçin durmuş zerurlygydyr.
Medeni diplomatiýa amalda: berkeýän gatnaşyklar
Metbugat wekilleri bilen söhbetdeşlikde, ilçi Elizabet Rud Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi barada aýratyn belläp geçdi. Türkmen ýaşlarynyň ABŞ-nyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde Amerikan geňeşlikleriniň işjeň hereket edýänligi, munuň aýdyň mysalydyr.
Amerikada bilim alýan türkmen talyplarynyň sergä işjeň gatnaşmaklary bu gatnaşyklaryň hakykatdan hem berkidilýändigini görkezdi.
P.S (habara goşmaça): Sanly tehnologiýalar döwründe, maglumatlaryň ähli taraplardan gurşap duran döwründe, kitap ýarmarkasy ýaly şeýle çäreler aýratyn ähmiýete eýedir. Olar bize kitabyň mizemez güýji, onuň halklary, nesilleri hem-de medeniýetleri birleşdirmek ukyby barada ýatladýar. Kitap – diňe bir bilim çeşmesi däl, eýsem halk diplomatiýasynyň möhüm guralydyr. Ol kalplary açyp, özara düşünişmegiň we parahatçylygyň binýadyny goýýar.
Seýli ARYŞOW