Eýrandaky Sarahs demir ýol terminalynyň gurluşygynyň 60%-i tamamlandy
24.07.2025 | 10:33 |Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitinde, Horasan-Rezawi welaýatynyň Sarahs şäherinde gurulýan demir ýol terminalynyň gurluşygynyň 60%-i tamamlandy. Bu terminal halkara ulag geçelgeleri bolan “Demirgazyk–Günorta” we “Gündogar–Günbatar” ýolunyň çatrygynda ýerleşýär.
Bu barada Horasanyň Demir ýol müdirliginiň baş direktory Mustafa Nasiri Warag habar berdi diýip, Trend belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, Eýran bu geçelgeler boýunça konteýner daşamalarynyň möçberini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Demir ýol ulgamy arkaly Hytaýdan we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýükler Eýranyň günorta portlaryna hem-de Türkiýe serhedine daşalyp bilner. Esasy üns, Hytaýdan Eýrana demir ýol arkaly getirilýän ýükleriň Sarahs terminaly arkaly dürli ugurlara ugradylmagyna gönükdirilýär.
Warag bu ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginiň Eýranyň eksport-import amallaryna we önümleriniň daşalmagyna oňyn täsir etjekdigini aýtdy. Sarahs şäherindäki demir ýol we awtoulag serhet geçelgesi, Türkmenistan bilen serhetdeş ýerde ýerleşmek bilen, Eýranyň daşarky söwda işlerinde we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýük dolanyşygynda möhüm strategik nokatlarynyň biri hasaplanýar.
ORIENT