Türkmen kompaniýalary Russia Halal Expo-nyň meýdançasynda önümleri eksport etmek barada ylalaşdylar
19.05.2023 | 10:55 |Birnäçe türkmen kompaniýalarynyň wekilleri Russiýanyň Kazan şäherinde açylan Russia Halal Expo halkara sergisiniň barşynda özleri tarapyndan öndürilýän halal önümleriň daşary ýurda iberilmegini ýola goýmak barada ylalaşdylar.
Görkeziliş «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçýär we onlarça ýurtlardan, şol sanda Bähreýnden, Müsürden, Indoneziýadan, Saud Arabystanyndan, Malaýziýadan, BAE-den, Pakistandan, Filippinlerden, Şweýsariýadan we beýleki döwletlerden gelen gatnaşyjylary bir meýdança ýygnady.
Hasar türkmen hojalyk jemgyýeti özüniň konditer önümlerini Liwiýa we Iordaniýa ibermek barada şertnamalary baglaşdy – diýip, kompaniýanyň eksport bölüminiň başlygy Ýakyp Aşyrow ORIENT-e gürrüň berdi.
«Biziň kompaniýamyzyň halal halkara şahadatnamasy bar we bu çärede önümi beýleki musulman ýurtlaryna ibermek barada gepleşikleri geçirýäris» – diýip, türkmen bazarynda 2000-nji ýyldan bäri işleýän Hasar kompaniýasynyň wekili gürrüň berdi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Orazmuhammet Mämmetjikowyň kärhanasynyň Özgeriş söwda nyşanly türkmen şöhlat önümi bilen gyzyklandylar. Görkezilişde Özgerişiň şöhlatlarynyň 40-dan gowrak görnüşi hödürlendi (HK önümiň jemi 70-den gowrak görnüşini öndürýär). Isleg bildirýänler serginiň çäklerinde harytlary dadyp gördüler.
«Biz mümkin bolan import edijileriň onlarçasy bilen gepleşikleri geçirdik we eksporty giňeltmek boýunça, şol sanda Alžire, Türkiýä we beýleki ýurtlara mümkinçilikleri öwrenýäris. Hem söwda merkezleri, şeýle hem iri lomaý söwdagärler biziň önümlerimize gyzyklanma bildirdiler» - diýip, kärhananyň satuw bölüminiň wekili Parahat Seýitkulyýew gürrüň berdi.
Hindi towugynyň etinden önümleri öndürýän «Maksada okgunly» kompaniýanyň wekili Maksat Ibragimow hem daşary ýurt kärdeşleriniň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmasyny belledi. Kärhana ýokary hilli çig maldan del önümleriň – delikatesleriň 50-ä golaý görnüşini hödürlemäge taýýardyr.
Kazandaky görkezilişde Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň — Türkmendemirýollarynyň, Türkmenhowaýollarynyň, Türkmendeňizderýaýollarynyň eksponatlary hem görkezilendir.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary Nusaý, Jeýtun, Merw, Bedew we beýlek söwda nyşanlary bilen önümleriň giň görnüşlerini hödürlediler.
ORIENT habarlar