Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasy arasynda bilim ugrunda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljegi barada maslahatlaşyldy
24.07.2025 | 14:11 |2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Ankarada Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirliginiň (YTB) täze bellenen başlygy Abdulhadi Turus bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim, ylym, sport hem-de ýaşlar syýasaty boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we ony ösdürilmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň aprel aýynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirliginiň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT