Iň täze habarlar

Türkmen hünärmenlerini logistikada ätiýaçlandyryş boýunça tölegsiz seminarlara çagyrýarlar

16.05.2023 | 10:33 |
 Türkmen hünärmenlerini logistikada ätiýaçlandyryş boýunça tölegsiz seminarlara çagyrýarlar

USAID-iň Merkezi Aziýada söwda (TCA) maksatnamasynyň ýardam etmeginde «Türkmen Logistika» birleşmesi CILT Central Asia bilen bilelikde türkmen hünärmenleri üçin logistikada ätiýaçlandyryş boýunça seminarlary guraýar.

Onlaýn-sessiýalar şu aşakdaky temalar boýunça geçiriler:

— 26 -njy maýda — logistikada ätiýaçlandyryşyň aýratynlyklary, ýük daşaýjynyň/ ekspeditoryň jogapkärçiligindäki mysalda,
— 29-njy maýda — halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmakda töwekgelçilikler we ýükleriň ätiýaçlandyrylyşy,
— 31-nji maýda — ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyň tehnologiýasy we ätiýaçlandyrma tölegini almagyň şertleri.

Her seminaryň başlanýan wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 15:00. Dowamlylygy — 1,5-2 sagat. Sapaklar Skype platformasynda geçer.

Seminara gatnaşyjylar logistikada ätiýaçlandyryş meseleleri boýunça amaly maslahatlary alarlar, şeýle hem alyp baryjy, halkara bilermen-praktik Ýuliýa Awdeýewe sorag berip bilerler.

Diňleýjilere atlary ýazylan şahadatnamalar berler.

Seminara gatnaşmak üçin 24-nji maýa çenli şu salgylanma boýunça onlaýn-formany doldurmaly.

ORIENT habarlar

Foto: USAID

Şeýle hem okaň: