Iň täze habarlar

Merkezi Aziýada söwda goldaw beriji sebitleýin portala badalga berler

15.05.2023 | 17:12 |
 Merkezi Aziýada söwda goldaw beriji sebitleýin portala badalga berler

17-nji maýda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Central Asia Gateway sebitleýin portala we Ready4Trade Merkezi Aziýa Taslamasynyň eksport we halkara söwdasy boýunça okuw maksatnamasyna badalga berilmegi mynasybetli metbugat-maslahaty geçiriler. Taslama Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Söwda goldaw bermegiň ýeke-täk portaly sebitde maýa goýumlaryna, bäsdeşlige ukyplylyga we söwda goldaw bermegiň Merkezi Aziýa penjiresini emele getirýär we ol nyrhnamasyz bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Onda daşary ýurt söwdasynyň düzgünleri we kadalary ýerleşdiriler, ol sebitiň ýurtlaryna ýardam etmegiň milli olaýn-portallarynda çap edilendir.

Öz gezeginde, daşary ýurt menejmenti boýunça okuw maksatnamasy Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşarda täze bazarlara çykmaga gyzyklanýan kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine niýetlenen tölegsiz okuw maksatnamasydyr.

Treningler hem onlaýn görnüşde, şeýle hem milli edaralar tarapyndan HSM bilen hyzmatdaşlykda seminarlaryň çäklerinde geçirilýär. Rus dilindäki okuw söwda boýunça möhüm temalary, eksport işlerinden başlap, bazarlaryň seljermesini, gabat gelmegiň ölçeglerini we halkara logistikany, anyk düzgünleri gurşap alýar.

Onlaýn okuwlar MA-nyň her bäş ýurdunda okamak üçin HSM tarapyndan işlenip düzülen ýörite milli web-platformada elýeterlidir. Her okuwy geçmek 4 sagada çekýär.

Ozal Türkmenistanda Ready4Trade-iň goldamagynda söwda maglumatynyň milli Portalyna badalga berlipdi, ol kiçi we orta telekeçilige önümleri eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek üçin maglumaty tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: