Iň täze habarlar

Türkmenistanyň iri lukmançylyk edaralary sarp ediş serişdelerini we enjamlary satyn alarlar

16.05.2023 | 15:25 |
 Türkmenistanyň iri lukmançylyk edaralary sarp ediş serişdelerini we enjamlary satyn alarlar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi paýtagtdaky iri lukmançylyk edaralary üçin täze lukmançylyk serişdelerini, reaktiwleri we enjamlary satyn almak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Buýrujylaryň arasynda — Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasy, «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanasy, Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezi bardyr. Şeýle hem bellenilen harytlary Ahal welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem satyn alar.

Tender resminamalary bäsleşigiň geçirilýändigi barada bildiriş çap edilenden soňra 30 günüň dowamynda kabul edilýär. Kabul edişlik Aşgabatda şu salgyda geçirilýär: Arçabil şaýoly, 30 (Saglygy goraýyş ministrliginiň binasy).

Habarlaşmak üçin telefon: 40-04-79.

ORIENT habarlar

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: