Sungatda milli buýsanjymyz: Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly sergisi açyldy
16.10.2025 | 18:00 |Türkmen alabaýy — milli gymmatlygamyz, mertligiň we wepalylygyň nyşany bolup, dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Bu möhüm milli gymmatlyga bagyşlanyp, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» çäklerinde, oktýabr aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda tematik serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergide Akademiýanyň ussat mugallymlarynyň hem-de zehinli talyplarynyň ähli sungat ugurlaryny öz içine alýan işleri görkezildi. Suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, haly sungaty, keramika, zergärçilik, dizaýn we animasiýa eserlerinde öý ojagynyň gaýduwsyz goragçysy we wepaly dosty bolan alabaýyň keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär.
Sergide görkezilen eserler alabaýyň taryhy ähmiýetini aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň sahypalarynda onuň halkymyzyň wepaly goragçysy hökmünde ähmiýetine aýratyn üns berdi.
Alabaýyň keşbi gadymy taryhy köklere eýedir. Muny gadymy türkmen halylarynda ýerleşdirilen it şekilleri hem-de Altyndepeden tapylan terrakota heýkeljikleri tassyklaýar. Hatda «It yzy» atly gadymy nagyş hem-de IX–XIV asyrlara degişli Şahryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde tapylan aýak yzylary bu itiň gorag dogasy hökmünde hyzmat edendigini görkezýär.
Häzirki döwürde alabaýlar harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde möhüm orun eýeleýärler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda edara merkezi ýerleşýän Halkara türkmen alabaýlary birleşigi döredildi. Şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçilýär.
ORIENT