Iň täze habarlar

Aşgabatda IV Halkara himiýa olimpiadasy açyldy

16.10.2025 | 17:30 |
 Aşgabatda IV Halkara himiýa olimpiadasy açyldy

Oktýabr aýynyň 15-ne Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde IV Halkara himiýa olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre dünýäniň 10 ýurdunyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden gelen 260-a golaý talyby bir ýere jemledi.

Olimpiada gatnaşanlaryň arasynda Russiýadan, Hytaýdan, Gazagystandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Ermenistandan, Täjigistandan, Rumyniýadan we Belarusdan gelen talyplar, magistrantlar hem-de mugallymlar bar.

Gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda M. W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti, Moskwa fizika-tehniki instituty, Kazan federal uniwersiteti, şeýle hem Hytaýyň, Eýranyň we Ýewropa ýurtlarynyň iri uniwersitetleri bar.

Gatnaşyjylar A we B toparçalary boýunça şahsy hasapda özara ýaryşýarlar. Türkmenistandan we daşary ýurtlardan gelen professorlardan hem-de alymlardan düzülen eminler topary bäsleşikleriň halkara standartlara laýyklykda geçirilmegini üpjün edýär.

Olimpiada bilen bir wagtda TDU-da «Himiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň roly» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem geçirildi. Maslahata we olimpiada gatnaşyjylar ylym, bilim we himiýa tehnologiýalary babatyndaky gazananlarynyň sergisine gatnaşdylar.

Daşary ýurt uniwersitetleriniň wekilleri çykyşlarynda himik hünärmenleri taýýarlamak üçin TDU-da döredilen şertlere ýokary baha berdiler. Olar okuw otaglarynyň we barlaghanalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny, bu bolsa «bilim–ylm–önümçilik» ulgamyna laýyk gelýändigini belläp, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmadaky ornuna aýratyn üns berdiler.

Açylyş dabarasy dostluk we ylmy alyş-çalyş ruhuny döredýän giň gerimli konsert maksatnamasy bilen tamamlandy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: