Aşgabat we Daşkent doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýarlar: Dostluk seýilgähleri, syýahatçylyk we medeniýet
17.10.2025 | 00:25 |Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabadyň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşyk geçirdi. Özbegistanyň UzDaily.uz portalynyň habar berşi ýaly, duşuşyk iki paýtagtyň şäher häkimlikleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek meselesine bagyşlandy.
Ilçi bilen şäher häkimi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň amaly ugurlaryna ünsi jemlediler. Bu babatda Aşgabatdaky “Daşkent” we Daşkentdäki “Aşgabat” seýilgähleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly köpçülikleýin çäreleri guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu seýilgähler Özbegistan bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň täze nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de, Daşkentde hem-de Aşgabatda geçirilýän halkara çärelere paýtagtlaryň wekiliýetleriniň özara gatnaşygyny ýola goýmak barada hem pikir alyşyldy.
Hususan-da, şu ýylyň 27–29-njy noýabry aralygynda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolundaky syýahatçylyk” atly Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasyna Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmagy barada maslahatlaşyldy. Bu bolsa iki paýtagtyň arasynda syýahatçylyk we işewürlik ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar.
ORIENT