Iň täze habarlar

Kaşgarda Hytaýdan Türkmenistana çenli täze multimodal ýük gatnawy ýola goýuldy

17.10.2025 | 02:05 |
 Kaşgarda Hytaýdan Türkmenistana çenli täze multimodal ýük gatnawy ýola goýuldy

Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan täze multimodal ýük daşama ugruny ýola goydular. Açylyş dabarasy oktýabryň 15-ne Kaşgarda (Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebiti) geçirildi. Şol ýerden ýedi sany ýük awtoulagy Hytaýyň Gyrgyzystan bilen serhedine tarap ugrady.

Ýükleriň oktýabryň 21-ne Özbegistana, oktýabryň 24-ne bolsa Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Türkmenistandan ýükleriň bir bölegi Hazar deňzi arkaly Azerbaýjana ugradylar.

Bu, Hytaý–Ýewropa Hazarüsti demirgazyk-günorta geçelgesiniň günorta ugry boýunça synag taýdan amala aşyrylýan ilkinji gatnaw bolup durýar. Ol Şensi welaýatynyň Sian hem-de Syçuan welaýatynyň Çendu şäherlerinden başlanýan iki halkara multimodal ulag ugruny öz içine alýar.

17102025-kashgar-novyy-marshrut-perevozok-kitay-turkmenistan.png

Ýükler Gyrgyzystana awtoulag arkaly eltilip, şol ýerden demirýol arkaly kombinirlenen awtoulag-demirýol ulagyň kömegi bilen Türkmenbaşy portuna çenli daşalar. Soňra Hazar deňzinden geçip, Azerbaýjanyň Baku şäherine çenli ýetiriler.

Beýleki ugur bolsa ilkinji gezek Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Hytaýyň ulag serişdeleri arkaly göni ýük gatnawyny üpjün eder, onuň ahyrky nokady Aşgabat bolar. Ilkinji tapgyrda dürli elektron harytlary, mehaniki enjamlary we ş.m. daşalar diýip, Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň resmi neşiri Xinjiang Daily habar berýär.

Täze ugur Merkezi Aziýa – Hytaý we Hytaý – Ýewropa aralygyndaky ýük daşamalarynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de Orta geçelgäniň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: xjdaily.com

Şeýle hem okaň: