Iň täze habarlar

Nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopediýanyň XVII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

16.10.2025 | 16:30 |
 Nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopediýanyň XVII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Oktýabr aýynyň 15-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Uly mejlisler zalynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki ýygyndynyň XVII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy.

Uniwersitetiň professorlar-mugallymlary çykyş edip, täze jildiň aýratyn gymmatyny nygtadylar. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ýygyndysy ýurdumyzyň ösümlikler dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasy hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilen bu eser diňe bir türkmen lukmanlary we farmasewtika pudagynyň işgärleri üçin däl, eýsem, köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin hem möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň esasy maksady – ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň saglygy goraýyş hem-de ylmy ösüş üçin ähmiýeti, şeýle hem kitapda beýan edilen milli saglygy goraýyş ulgamyndaky ýetilen sepgitler barada talyplara we geljekki hünärmenlere möhüm maglumatlary ýetirmekden ybarat boldy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: