Iň täze habarlar

Türkmenistan we “Daewoo” strategiki hyzmatdaşlygyny berkitdi

16.10.2025 | 00:19 |
 Türkmenistan we “Daewoo” strategiki hyzmatdaşlygyny berkitdi

15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Duşuşyk koreý tarapynyň gatnaşmagynda durmuşa geçiriljek Türkmenabatdaky täze mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna bagyşlanyp geçirildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, döwletara hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow himiýa senagatynyň ýurduň depginli ösýän pudaklarynyň biri hökmünde strategiki ähmiýetini nygtady.

15102025-turkmenistan-daewoo (2).jpg

Döwlet Baştutany bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasyny kesgitledi: ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetiň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmek.

Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň şol sanda “Daewoo”-nyň Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirip, köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandyklaryna aýratyn üns çekildi.

Jong Won-ju Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň uly hormatdygyny belläp, “Daewoo” kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.

15102025-turkmenistan-daewoo (3).jpg

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Foto: Watan habarlary

Şeýle hem okaň: