Türk çaýynyň eksport möçberi dokuz aýda 22 million dollardan geçdi
16.10.2025 | 10:25 |Türkiýe 2025-nji ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 22,28 million dollarlyk çaýy eksport etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 24% köp diýip, Gündogar Gara deňiz Eksport edijiler Bileleşigi (DKİB) habar berýär.
Dokuz aýyň dowamynda ýurt 4 057 tonna çaýy eksport edip, ony awtonom we erkin ykdysady zolaklary goşmak bilen 112 ýurda ugratdy. Geçen ýyl bu görkeziji 3 628 tonna bolupdy.
Türk çaýynyň esasy bazarlary hökmünde Belgiýa, Beýik Britaniýa we Demirgazyk Kipr öňe çykdy. Belgiýa ugradylan çaýyň eksport bahasy 7,85 million dollar, Beýik Britaniýa — 3,65 million dollar, Demirgazyk Kipre — 1,96 million dollar boldy.
Eksportdan gelen girdejiniň takmynan 48%-i Rizeden gelip çykdy. Bu ýerden dokuz aýyň dowamynda 25 ýurda 10,72 million dollarlyk 2 670 tonna çaý eksport edildi.
DKİB-iň maglumatlaryna görä, dünýäde ýeke-täk garyň aşagynda ösdürilýän türk çaýy dünýä bazarynda ornuny barha pugtalandyrýar. Esasy ösüş Ýewropa ýurtlarynda has aydyň duýulýar, şol bir wagtda Türkiýe Ýakyn Gündogar, ABŞ we Aziýa bazarlaryna hem aralaşmagyny dowam etdirýär.
Çaý pudagy ýyly 28 million dollardan gowrak eksport girdejisi bilen tamamlamagy we durnukly ösüşi saklamagy maksat edinýär.
ORIENT