Iň täze habarlar

EYR-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

17.10.2025 | 13:10 |
 EYR-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

Ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda Hafyz Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi.

1

Onuň dowamynda EYR-nyň Aşgabatdaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de Ilçihananyň mekdebiniň pars dili we edebiýaty mugallymy Muhammedi çykyş etdiler.

2

EYR-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba öz çykyşynda: "Bu dabaraly çäreleriň ýolbaşçylaryň we Prezidentleriň iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge berýän ünsi esasynda mümkin bolýandygyna şek- şübhe ýokdur. Bu nukdaýnazardan, ýurdumyň Prezidenti jenap doktor Pezeşkiýana, Hormatly Prezident jenap Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsun aýdyp, olara jan - saglyk we belent ynsanperwerlik we medeni işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin" diýip, belledi.

3

Şeýle hem bu çärede pars dilini öwrenijiler Hafyzyň goşgylaryny pars we türkmen dilinde ýerine ýetirdiler. Dil öwrenijileriň arasynda geçirilen ýaryşlar (söz ýaryşy, beýt okamak, gazaly ýatdan aýtmak) hem diýseň gyzykly we çekeleşikli boldy.

4

Çäräniň ahyrynda ýaryşyň jemi jemlenilip, gatnaşyjylara sowgatlar gowşuryldy.

5

ORIENT

Foto: EYR-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi

Şeýle hem okaň: