Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow himiýa senagtyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugruny kesgitledi

16.10.2025 | 01:40 |
 Serdar Berdimuhamedow himiýa senagtyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugruny kesgitledi

15-nji oktýabrda Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, ýurduň himiýa senagaty üçin strategiki maksatlary kesgitledi.

Döwlet Baştutany himiýa senagatynyň ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu ýerde uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Prezident, Koreýanyň “Daewoo” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenabatdaky täze toplumyň birbada birnäçe möhüm wezipeleri çözmäge niýetlenendigini belledi:

Importyň ornuny tutmak – önümçilik bize daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder;

Azyk howpsuzlygy – oba hojalyk önüm öndürijilerini ýokary hilli dökünler bilen ygtybarly üpjün etmek;

Tehnologiýa we ekologiýa: Toplumyň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin innowasion çözgütler ulanylar.

15102025-berdymuhamedov-kurs-himicheskoj-industrii (1).jpg

Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler, bu bolsa Prezidentiň belleýşi ýaly, ýurduň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Serdar Berdimuhamedow çykyşynda beýleki welaýatlarda himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça anyk maksatnamalary beýan etdi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumynyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny gurmak maksat edinilýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany şeýle hem Lebap welaýatyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň, Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edirilýändigini belledi.


15102025-berdymuhamedov-kurs-himicheskoj-industrii (5).jpg

Soňra döwlet Baştutany täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi hem-de ol ýörite gutujyga salyndy.

Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk täze toplumyň binýadyna atyldy. Türkmenistanyň Prezidenti toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýdy.

15102025-berdymuhamedov-kurs-himicheskoj-industrii (5).png

ORIENT

Foto: Watan habarlary

Şeýle hem okaň: