Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenabatda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berdi

15.10.2025 | 11:45 |
 Serdar Berdimuhamedow Türkmenabatda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berdi

Şu gün, 15-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany çykyşynda himiýa senagatynyň ykdysadyýetiň iň möhüm pudaklaryndan biridigini we ýurduň diwersifikasiýa strategiýasynyň möhüm bölegidigini nygtady. Türkmenistan häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly senagaty ösdürip, diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýär.

Täze toplumyň taslamasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasy bilelikde durmuşa geçirýär.

Toplumyň işe girizilmegi himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrar. Täze kärhananyň ýyllyň önümçiligi 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyna barabar bolar.

Döwlet Baştutany, içerki himiýa senagatynyň ösüşinde täze tapgyra öwrülen bu çärä gatnaşanlaryň hemmesini tüýs ýürekden gutlady.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: