Tokioda 26-njy Halkara robot sergisi — IREX 2025 geçiriler
16.10.2025 | 11:30 |2025-nji ýylyň 3–6-njy dekabry aralygynda Tokiodaky «Tokyo Big Sight» sergi merkezinde dünýäniň iň iri robototehnika çäreleriniň biri bolan 26-njy Halkara robot sergisi (IREX 2025) geçiriler.
Çäräniň guramaçylary hökmünde Ýaponiýanyň Robototehnika birleşigi (JARA) hem-de “Nikkan Kogyo Shimbun” neşiri çykyş edýär. Serginiň esasy temasy — «Robototehnikanyň kömegi bilen durnukly jemgyýet» bolup, ol adam bilen maşyn enjamynyň hyzmatdaşlygy arkaly durmuş meselelerini çözmekde we senagat ösüşinde robotlaryň ähmiýetini görkezýär.
IREX 2025 sergisiniň maksatnamasynda esasy ugurlar giň gerimde beýan edilýär: senagat robotlary we awtomatizasiýa, hyzmat we lukmançylyk robotlary, emeli aň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary we sensor enjamlary, robototehnika üçin komponentler we programma üpjünçiligi, şeýle hem logistika we mobil çözgütler.
Serginiň çäklerinde robototehnika we innowasion tehnologiýalaryň soňky gazananlaryna bagyşlanan tematiki maslahatlar, forumlar we seminar geçiriler.
Gatnaşmak ýa-da goşmaça maglumat almak isleýänler üçin guramaçylar ýörite web sahypasyny — irex.nikkan.co.jp — hödürleýärler. Halkara IREX robot sergisi her iki ýyldan bir gezek geçirilýär we täze üstünlikleri görkezmek hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynyň robototehnika boýunça öňdebaryjy öndürijilerini, alymlaryny hem-de bilermenlerini birleşdirýär.