Ärdogan Türkiýede türki dilli daşary ýurtly raýatlar üçin iş düzgünlerini üýtgetdi
15.10.2025 | 08:00 |Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türki döwletleriniň raýatlarynyň zähmet bilen meşgullanmak tertibini üýtgedýän karara gol çekdi. Resminama 10-njy oktýabrda resmi neşir bolan Resmî Gazete-de çap edildi.
Prezidentiň karary boýunça daşary ýurtly etniki türki halklaryna Türkiýäniň raýatlary bilen deň derejede hünär we senetçilik bilen meşgullanmak hukugy berilýär diýip, "TRT Russian" ýazýar.
Girizilen üýtgetmeler 1981-nji ýyldan bäri hereket eden türki dilli daşary ýurtlylaryň döwlet we hususy edaralarda işlemegini kadalaşdyrýan kanunyň käbir maddalaryna degişlidir. Esasy üýtgeşme şundan ybarat: Türkiýede işlemäge hukuk beriljek türki dilli jemgyýetleriň sanawyny indi Prezidentiň özi kesgitleýär.
Üýtgetmelerde bellenmegine görä, ähli türki gelip çykyşly şahslar däl-de, diňe aşakdaky aýratynlyklara eýe bolan adamlar Türkiýede zähmet bilen meşgullanmaga hukukly bolar:
• öz raýatlyk ýurdunyň çäginde hünär ýa-da döredijilik işini özüne bagly bolmadyk sebäpler bilen amala aşyrmak mümkinçiligi bolmadyklar;
• dürli ýagdaýlar sebäpli Türkiýede ýaşamagy dowam etdirmäge mejbur bolanlar;
• öz ýurtlarynyň ilatynyň köpçüliginden etniki we medeni taýdan tapawutlanýanlar.
Işlemäge rugsat almak üçin ýokarda görkezilen toparlara degişli şahslar aşakdaky şertleri ýerine ýetirmelidirler:
• Türkiýede ýaşamaga rugsatnama almak;
• hünär derejesini we bilim derejesini türk häkimiýet edaralary tarapyndan ykrar edilen resminamalar bilen tassyklamak;
• howpsuzlyk sebäpli çäklendirmeleriň bolmazlygy;
• daşary ýurtlylar üçin ýörite hasaba alynmak;
• zerur bolan halatynda hünär birleşiginiň agzasy bolmak;
• Prezidentiň karary bilen türki gelip çykyşly jemgyýete degişlidigini tassyklamak.