Iň täze habarlar

Türkmenistanly hünärmenler Buharada geçirilen ESG boýunça seminara gatnaşdylar

16.10.2025 | 11:20 |
 Türkmenistanly hünärmenler Buharada geçirilen ESG boýunça seminara gatnaşdylar

Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hünärmenleri Özbegistanyň Buhara döwlet uniwersitetinde geçirilen ekologiýa, durmuş we korporatiw dolandyryş (ESG) boýunça halkara seminara gatnaşdylar.

Seminar ekologiýa meselelerini jemgyýetçilik zerurlyklary we Merkezi Aziýanyň bilim maksatnamalarynda netijeli dolandyryş ýörelgeleri bilen utgaşdyrmaga gönükdirilen Erasmus+ ESGCA taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu çäre mugallymlary, işewürlik ulgamynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirip, tejribe alyşmaga hem-de durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Maslahata gatnaşyjylar durmuş faktorlaryň durnukly ösüşe, inklýuziwlige, zähmet hukuklaryna, deňlige, «ýaşyl geçişe» we korporatiw dolandyryşa täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Maksatnamanyň çäginde umumy sapaklar, amaly sapaklar, pikir alyşmalar hem-de «tegelek stol» mejlisi geçirildi. Ol ýerde ESG we durnukly ösüş boýunça bilim maksatnamalaryny döretmegiň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň usullary boýunça pikirler alyşyldy.

Seminarda ekologiýa, durmuş we ykdysady ugurlaryň utgaşdyrylmagyna, tebigaty goramak, serişdeleri rejeli peýdalanmak we durnukly dolandyryş usullaryny ösdürmek üçin hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Italiýadan, Rumyniýadan, Slowakiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen mugallymlar öňdebaryjy tejribeleri bilen paýlaşdylar, ekologiýa sertifikasiýa we zyňyndylary azaltmagyň innowasion usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu seminar ESGCA taslamasynyň üç tapgyrynyň ikinjisi bolup, üçünji seminar dekabr aýynda Duşenbede geçirilip, korporatiw dolandyryş we töwekgelçilikleri dolandyrmak meselelerine bagyşlanar.

2021–2027-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirilýän ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň bilim maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem durnukly ösüş, ekologiýa we durmuş dolandyryş ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: