Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy
16.10.2025 | 17:15 |16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça Baş müdirliginiň direktory Gülsun Erkula Konsullyk patentini gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Diplomatlar şeýle-de geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.
ORIENT