Iň täze habarlar

Turkish Airlines we Gulf Air gatnaw ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýärler

02.10.2025 | 17:45 |
 Turkish Airlines we Gulf Air gatnaw ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýärler

Türkiýäniň Turkish Airlines milli awiakompaniýasy hem-de Bahreýniň Gulf Air milli awiakompaniýasy strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Resminama, Turkish Airlines-yň Stambul şäherindäki ştab-kwartirasynda, Turkish Airlines-yň baş direktory Bilal Ekşi bilen Gulf Air Group-yň ýolbaşçysy Jeffri Go tarapyndan, iki kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gol çekildi.

1

Ähtnama laýyklykda, awiakompaniýalar strategik hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekmek, bilelikdäki taslamalary işe girizmek, artykmaçlykly wepalylyk maksatnamalaryny özara ykrar etmek, şeýle hem ýerüsti hyzmatlaryny hödürlemek ýaly birnäçe esasy ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler.

Mundan başga-da, Turkish Airlines we Gulf Air bar bolan Türkiýe bilen Bahreýniň arasyndaky gönüden-göni uçar gatnawlaryna daýanyp, täze strategik ugurlary öz içine alýan syýahatçylyk torlaryny bilelikde giňeltmegi meýilleşdirýärler.

Gol çekilen bu ähtnama iki ýurduň arasynda işewürlik, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädim bolup durýar.

ORIENT

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: