Iň täze habarlar

Hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

13.09.2025 | 12:18 |
 Hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan hukuk meseleler boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler.

Kabul edişlik sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly, 150 salgysy boýunça geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 39-19-20

+993 12 39-19-21

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: