Iň täze habarlar

TDU-da ylymda we bilimde gazanylan üstünlikler bellendi

12.09.2025 | 09:00 |
 TDU-da ylymda we bilimde gazanylan üstünlikler bellendi

Awgust aýynyň 10-nda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym – ýurdumyz­­yň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň esasydyr» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlandy.

1

Çäräniň dowamynda uniwersitetiň Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň Milli reýtinginde gazanan ýokary netijeleri bellenildi. Gazanylan üstünlikler üçin Türkmenistanyň Bilim ministriniň Hormat hatlary bilen sylaglananlar:

Matematika fakulteti

Nazary we eksperimental fizika kafedrasy

Matematiki derňew kafedrasy

N. Gurbanmämmedow – kafedra müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty

A. Amanmädova – nazary we ekperimental fizika kafedrasynyň mugallymy

M. Aşyralyýewa – amaly matematika we informatika kafedrasynyň uly mugallymy.

2

Mundan başga-da, «Ýylyň talyby–2025» bäsleşiginde birinji orny eýelän talyp S.Saryýew Hormat haty bilen sylaglanyldy. Şeýle hem hukuk fakultetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.

3

Dabaranyň ahyrynda «Bagtyýarlyk owazlary» toparynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti guraldy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredijilik işleri hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanan taslamalar görkezilen sergi açyldy.

ORIENT

Foto: tdu.edu.tm

Şeýle hem okaň: