Iň täze habarlar

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň täze ädimleri ylalaşyldy

11.09.2025 | 22:42 |
 Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň täze ädimleri ylalaşyldy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen mähirli gutlady we onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşlikde taraplar akademiki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. bu ýerde gürrüň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taýýarlygy barada boldy. Resminama bilelikdäki bilim, ylmy we medeni başlangyçlary giňeltmek üçin esas bolar.

11092025-tbilisi-sotrudnichestvo-universitetov-turkmenistan-gruziya (2).jpg

Ilçi durmuşa geçirilýän taslamalaryň üstünlikli tejribesine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda däp bolan gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Öz gezeginde rektor bilelikdäki okuw akademiki maksatnamalary, alyş-çalyşlary we medeni başlangyçlary işjeň goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Söhbetdeşler şeýle hem bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň ýolbaşçylary derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

11092025-tbilisi-sotrudnichestvo-universitetov-turkmenistan-gruziya (3).jpg

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy

Şeýle hem okaň: