TTweII-de Merkezi Aziýa ýaşlar forumy geçirildi
12.09.2025 | 10:00 |10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty (ITiIT) bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşelere garşy göreşmek boýunça maksatnamasy (CADAP) tarapyndan «Parahatçylyga eltýän ýol hökmünde saglyk we durnukly ösüş» atly Merkezi Aziýa ýaşlar sebit forumy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guraldy.
Iki günlük foruma daşary ýurtlardan, halkara hem-de degişli türkmen guramalaryndan takmynan 30 wekili we talyp ýaşlar gatnaşdy.
Çäräniň esasy maksatlary:
• Ýaşlaryň arasynda liderligi we sosial jogapkärçiligi ösdürmek.
• Neşä garşy göreşmek we öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek.
• Ýaşlaryň durnukly ösüş boýunça gün tertibini durmuşa geçirmäge gatnaşygyny üpjün etmek.
• Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin sebit platformasyny döretmek.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylar psihiki saglyk, ekologiýa habarlylygy, sagdyn durmuş ýörelgesi, bilim, sanly platformalar we emeli aň ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT