Iň täze habarlar

Türkmenistanyň biržasynda $3,8 mln-dan gowrak möçberde geleşikler amala aşyryldy

08.09.2025 | 09:40 |
 Türkmenistanyň biržasynda $3,8 mln-dan gowrak möçberde geleşikler amala aşyryldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda $3,8 mln-dan gowrak möçberde geleşikler amala aşyryldy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileri aşgarlanmadyk matany, buýan köküniň ekstraktyny, portlandsementi we gazbeton bloklaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 250 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, esas ýagyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy iýunyndaky Permany bilen döredildi.

ORIENT

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: